Abu-Dabiniň «Masdar City» kompaniýasynyň wekiliýeti 3–5-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek «CIET 2026» halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistana geler. Bu barada forumyň guramaçylary habar berdiler. Saparyň çäklerinde wekiliýetiň Arkadag şäherine baryp görmegi we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda leksiýa geçirmegi meýilleşdirilýär. «Masdar City» kompaniýasynyň wekilleri durnukly şäher meýilleşdirmesi, energiýa netijeliligi ýokary bolan gurluşyk we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça tejribeleri bilen paýlaşarlar. «Masdar City» kompaniýasy Abu-Dabide durnukly şäher ösüşiniň we tehnologik innowasiýalaryň merkezi hökmünde tanalýar. Onuň binalary, köçeleri we jemgyýetçilik giňişlikleri taslanylanda howa şertleri, energiýadan we suwdan tygşytly peýdalanmak, şeýle hem pyýadalaryň amatlylygy göz öňünde tutulýar. Guramaçylaryň pikirine görä, wekiliýetiň gatnaşmagy häzirki zaman şähergurluşygy we şäher infrastrukturasyny ösdürmek boýunça amaly tejribe alyşmaga mümkinçilik berer. Häzirki wagta çenli maslahata we sergä gatnaşjak 200-den gowrak wekil hasaba alyndy. Forum döwlet edaralarynyň, işewürlik, maýa goýum we tehnologiýa pudaklarynyň wekillerini bir ýere jemlär. Forumy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi «Türkmen Energiýa Forum» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guraýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→