Alty ýolagçyly uçar ABŞ-nyň gündogar kenarýakalaryndaky Nantaget adasynyň kenarlynda radarlardan ýitdi. Bu barada ýurduň Kenar goragy sosial torda habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazdy. Edaranyň getirýän maglumatyna laýyklykda, «Gulfstream G100» uçary Bermud adalaryndan Bostona barýardy. Irden ABŞ-nyň raýat awiasiýasy federal edarasy uçar bilen aragatnaşygy ýitirdi. Ony Nantegetde gözlediler. Birnäçe sagatdan soňra Kenar goragy edarasynyň gözleg topary ady tutulan kenarýakada uçaryň böleklerini tapandygyny habar berdi. Bu barada edaranyň metbugat gullugyna salgylanýan «RBK.ru» ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→