Bizi bir gapydan getiren gudrat, Maksatlañ birligi, birmeñzesh arzuw. Hoshlashyk pursaty artdyryar has-da, Deñimizden gechen günleriñ arzyn. Yyllar bizi ysnyshdyrdy dogan dek, Ansatlyga ayrylyshar yaly däl. Eziz mugallymlar, kalbymyz size Minnetdarlyk duygusyndan doludyr. Hosh galyñ, institut, hosh galyñ yene, Pelsepe diñlenen göwrümli zallar, Talyplygymyzy yatlama öwrüp, Gidyäs öñümize öwrümli yollar. Gidenler ak yoly arzuwlap gitsin, Galanlar ak yoly galsyn arzuwlap. Diñe yeñishlere yetirip biler, Yagshy niyet, ynam, yagshy arzuwlar. Göwnumizemi-kä, ya-da ay-yyllar, Göz acyp-yummankañ ötüp baryarlar. Diñe uly deñizlerde satashyar, Gözbashyny dagdan alan deryalar. Hemmä sheyle bagt miyesser etsin, Göwünler göwünden icip dursun suw. Goy, bizi dushursyn geljekde bir zat -- Maksatlañ birligi, birmeñzesh arzuw... Awtor: T.Öwezow

Köneler, mellijan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir