Marokkonyň Patyşasy Muhammed VI Fatima al-Mansurini Hökümet başlygy wezipesine belläp, oňa täze Ministrler Kabinetini düzmegi tabşyrdy. Bu barada ýurduň döwlet teleýaýlymyna salgylanýan TASS habar berdi. Şeýlelikde, Mansuri Patyşalygyň taryhynda bu wezipäni eýelän ilkinji zenan boldy. 23-nji sentýabrda Marokkoda Mejlisiň Wekiller palatasyna (aşaky palata) saýlawlar geçdi. Onuň jemleri boýunça dolandyryjy bileleşige girýän «Hakykylyk we modernçilik» partiýasy ýeňiş gazandy. Ýurduň 2011-nji ýylda kabul edilen Konstitusiýasyna laýyklykda, Patyşa Hökümet başlygyny parlamentde orunlaryň köpüsini eýelän partiýadan belleýär.