Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan «Milli emeli aň tehnologiýalary: sanly ykdysadyýet, akylly diwersifikasiýa, durnukly ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi. Halkara maslahat 28-nji oktýabrda onlaýn görnüşde geçiriler. Maslahata Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy edaralarynyň wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň öňdebaryjy uniwersitetleriniň we kompaniýalarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda maslahata gatnaşmak üçin hasaba alyş işleri dowam edýär. Maslahata gatnaşmak isleýänler ylmy makalalaryny we tezislerini 10-njy oktýabra çenli taýýarlap, etut.conference@gmail.com elektron poçta salgysyna ibermelidirler. Ylmy işleriň taýýarlanyşyna bildirilýän talaplar uniwersitetiň internet sahypasynda ýerleşdirildi. Maslahata degişli goşmaça maglumatlary ýokarda görkezilen elektron poçta salgysy, şeýle hem +993 63 828068 telefon belgisi arkaly alyp bolýar.