Bütin dünýäde meşhur aýdymçy zenan Şakira 18-nji oktýabrda Gyrgyzystana barar. Bu barada ýurduň Prezidentiniň iş dolandyryjysy Kanybek Tumanbaýew habar berdi. Şakira özüniň dünýä çykyşlary tapgyrynyň çäginde «Bişkek Arena» stadionynda çykyş eder, bu onuň Merkezi Aziýadaky ilkinji konserti bolar. Petekleriň satuwy şu gün – 1-nji oktýabrda başlanýar, olaryň bahasy orunlaryň ýerleşişine görä, 12 somdan 40 müň soma çenli bolar diýip, «rg.ru» ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→