Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Endi Bernem öz ýurdunyň Ýewropa Bileleşigine dolanmak mümkinçiligini aradan aýyrmaýar. Bu barada «The Guardian» gazetine salgylanýan «Belta.by» habar berdi. Bernem Beýik Britaniýanyň ÝB-niň daşynda galyp biljekdigini, eger ýurduň ýaşaýjylary islese, oňa dolanyp biljekdigini-de nygtady. Onuň sözlerine görä, ministrler bularyň ikisiniň hem oňyn we oňyn däl netijelerini öwrenýärler. Beýik Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykmagy barada sala salşyk 2016-njy ýylyň 23-nji iýunynda geçirilipdi, şonda agzalygy bes etmek üçin britanlaryň 51,9 göterimi ses berdi, 48,1 göterimi garşy çykdy. Patyşalyk bileleşigi birnäçe ýyl dowam eden gepleşiklerden soňra 2020-nji ýylyň 1-nji fewraly gijesi terk etdi.