Nusgawy rus ýazyjysy Lew Tolstoýyň «Iwan Iliçiň ölümi» atly powesti Braziliýada «Amazon» platformasynyň iň gowy çeper eserleriň sanawynda öňdeligi eýeledi, muňa «Atletiko Mineýro» futbol toparynyň ýarymgoragçysy Gustawo Skarpanyň sosial torda bu powesti okamagy maslahat bermegi sebäp boldy. Bu barada «Folha de S.Paulo» neşirine salgylanýan «INTERFAX.RU» ýazýar. Netijede, «Google»-de sentýabrda bu powestiň idemeleri öňki aýdakydan 300 göterim artdy, futbol oýunçysynyň wideosyna bolsa, platformada 1,6 milliondan gowrak syn edildi. Oýunçy öz synyna seslenmeleriň şeýle kän bolandygyna birbada ynanmandygyny aýtdy, ol bu üstünligi çeper eserlere giň seljerme berýändigi bilen düşündirdi. Skarpa 2019-njy ýyldan bäri çeper eserlere syn berýär. Ol özüne ýaraýan eserler barada pikirlerini paýlaşýar. Ol indi Lew Tolstoýyň «Uruş we parahatçylyk», Nikolaý Gogolyň «Şinel», Albert Kamýunyň «Sizif barada mif» hem-de Stendalyň «Gyzyl we gara» atly kyssalaryna syn bermekçi, soňra Fýodor Dostoýewskä dolanmakçy.