Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Şener Jebeji bilen duşuşyk geçirdi. 30-njy sentýabrda Türkmenistanyň DIM-inde geçirilen duşuşykda M.Bäşimowa ilçi Şener Jebejä diplomatik işinde üstünlikler arzuw etdi we türkmen tarapynyň mundan beýläk-de konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny bildirdi. Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň geljekki ösüş mümkinçilikleri maslahatlaşyldy Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Syýasy-diplomatik gepleşikleri we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmek, şeýle hem halkara meýdançalarynda özara tagallalary utgaşdyrmak ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi diýlip, Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habarynda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→