Wýaçeslaw Wolodin Russiýanyň Döwlet dumasynyň dokuzynjy çagyrylyşynyň birinji mejlisinde aşaky palatanyň başlygy wezipesine saýlandy. Çözgüt açyk alternatiw ses berlişigiň barşynda kabul edildi diýip, Döwlet dumasynyň saýtyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi. Wolodiniň kandidaturasyny «Единая Россия» fraksiýasy teklip etdi, RFKP-den (Russiýa Federasiýasynyň Kommunistik partiýasy) bu wezipä eýýäm üçünji gezek spikeriň saýlawlarynda Wolodine bäsdeşlik edýän deputat Dmitriý Nowikow hödürlendi. Ses berlişigiň jemleri boýunça Wolodin üçin parlamentarileriň 406-sy ses berdi, Nowikow 36 ses aldy. Bu Wolodiniň Dumanyň başlygyň wezipesinde üçünji möhletidir. Ol öň ýedinji we sekizinji çagyrylyşlarda parlamente ýolbaşçylyk edipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→