Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, türkmen diplomatiýasy halkara jemgyýetçilikde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, giň möçberli we uzak möhletli başlangyçlary öňe sürýär. Şeýle-de biziň ýurdumyz dünýä syýasatyna doly hukukly gatnaşyjy döwlet hökmünde sebit we ählumumy derejede durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmegine uly goşant goşýar, ýaragsyzlanmak meseleleri boýunça, terrorçylyga, neşe söwdasyna, häzirki döwrüň beýleki wehimlerine hem-de howplaryna garşy göreşde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýär. Türkmenistan dünýäniň döwletleri bilen dostluk, birekbiregi hormatlamak, ynanyşmak esasynda özara gatnaşyklaryny ösdürýär. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty, halkara kadalaryna laýyklykda daşary ýurt maýa goýumlarynyň goraglylygyny kepillendirýär, daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin amatly şertleri döredýär. Ýurdumyzyň iňňän baý tebigy serişdeleriniň bütin adamzadyň hyzmatynda goýulýandygy, amatly geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklere eýedigi, syýasy durnuklylygyň saklanýandygy, daşary ýurt maýa goýujylaryny bir syhly özüne çekýändigi oňyn netijelerini berýär. Şunlukda hemişelik Bitaraplyk syýasatyna eýerip, Türkmenistan bütin dünýäde we sebit möçberinde söwdaykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurtlaryň maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurduň ykdysadyýetine giňden çekmek arkaly dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Täze ösüş ýoly türkmeniň taryhy ýörelgesine we milli däpdessurlaryna laýyk gelýär. Bitaraplyk halkara hukuk derejesiniň kabul edilmegi bir tarapdan, daşarky howplardan gorap saklasa, ikinji tarapdan, deňhukukly özara hormat goýujylykly hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam berýär. Hemişelik Bitaraplyk türkmeniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy hemde halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Türkmenistan sebitde ýüze çykýan dawalaryň öňüni almakda we çözmekde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde işlemekde oňyn tejribe toplady. Mukaddes Garaşsyzlyk hemde Bitaraplyk ýyllary içinde ýurdumyzda asyrlara barabar işler bitirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly bolan ýurdumyzyň alyp barýan içeri hem daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Bu gün Türkmenistan dünýä döwletleriniň ählisi bilen hoşniýetli gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giň gerimde alyp barýar. Parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleri mundan beýläk hem dowam etdirmek maksady bilen, ony geljekde has-da ösdürmek ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Geçen ýyllaryň içinde amal edilen tutumly işleriň eziz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugry bilen dünýä bileleşiginiň uzakmöhletleýin maksatlaryna, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, sazlaşykly çemeleşmäniň ölçeglerine, döwletara gatnaşyklarynyň binýatlyk esasy hökmünde BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine laýyk gelýändigi Ýer ýüzünde Türkmenistan barada oňyn garaýyşlary döredýär. Türkmenistanyň – hemişelik Bitarap hukuk ýagdaýy halkara derejesinde ykrar edilenden bäri çärýek asyrdan gowrak wagt geçdi. Şu döwür bitaraplygyň türkmen halkynyň we döwletliliginiň taryhynda öz beýanyny tapan ýeke-täk dogry ýoldugyny görkezdi. Eziz Watanymyzyň milli özboluşlylygy, däp-dessurlary, maddy, ruhy gymmatlyklary we daýançlary, häzirki döwrüň, geljekki dünýä gurluşynyň geosyýasy hem-de geoykdysady hakykatyny aýan etdi. Şeýlelikde, türkmen halkynyň düýpli bähbitlerine doly laýyk gelýändigini subut eden bitaraplyk Türkmenistanyň halkara işleriniň syýasy-hukuk, dünýägaraýyş babatdaky we iş ýüzündäki hemişelik binýadydyr. Bitaraplygyň döredijilik mümkinçilikleri bütin dünýä üçin nusgalyk binýat bolmak bilen, häzirki döwürde çylşyrymly halkara meselelerini çözmekde ýol görkeziji ýörelgedir. Türkmenistanyň başlangyjy bilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de ösüşiň bähbidine BMG-de döredilen Bitaraplygyň dostlary topary bitaraplyk meselesinde geljekki giň halkara hyzmatdaşlygynyň nusgasy bolup durýar. Manysy boýunça bitaraplyk parahatçylygy, howpsuzlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy we hormat goýmagy aňladýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň halkara giňişliginde maksada okgunly alyp barýan syýasaty ösüşiň we netijeli hyzmatdaşlygyň nusgasy hökmünde bitaraplygy işjeň ösdürmekden ybaratdyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda» hem bellenilişi ýaly, geljek döwürde Türkmenistan öňüni alyş diplomatiýasy we gapma-garşylyklaryň öňüni almak ulgamynda ählumumy parahatçylygy üpjün etmekde hem-de ähli halkara işlerinde öňdebaryjy döwletleriň biri bolar. Türkmenistanyň halkara syýasatynyň baş maksadyny, ýagny içerki ösüş üçin amatly daşarky şertleri üpjün etmek diňe milli serhetlerde, Merkezi Aziýada we goňşy sebitlerde, ählumumy möçberde pugta parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de durnuklylyk gazanylanda mümkindir. Şol nukdaýnazardan, daşary syýasata, halkara hyzmatdaşlygyny we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge hem-de olary giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Arkadag şäheriniň ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň mugallymy Gurbanowa Aýjeren.