Eziz Watana söýgi mukaddes söýgüdir. Bu päk duýgy çaga kiçiliginden maşgalada berilýär. Soňra mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumybilim berýän orta mekdeplerde dowam etdirilýär. Mekdepde derslerimiz boýunça guraýan her bir sapaklarymyzda, temalarymyzyň başynda hem okuwçylara Watany söýmek, ata-enä wepaly bolmak, halallyk, zähmete endik etmegiň möhümdigini ündeýäris, düşündirýäris. Bular barada dürli mysallara ýüzlenmek bilen hem okuwçylaryň ünsi çekýäris. Hawa, dana hem merdana pederlerimiz ata Watany söýüp, gözleriniň göreji deýin gorap, oňa şan getiripdirler. Bu mukaddes ýörelge asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Bu barada Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Ruhyýet köşgünde geçiren umumy okuw sapagynda hem ýaşlaryň ünsüni aýratyn çekdi. Munda Gahryman Arkadagymyz ýaşlar barada şeýle diýýär: “Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly beýik işleri amala aşyrmakda mähriban ýaşlarymyzyň giň dünýägaraýşyna, gujur-gaýratyna, döredijilikli we tutanýerli zähmetine daýanýarys. Bilim alýan, ylym we hünär öwrenýän, ata Watanymyzyň goragynda durýan gerçeklerimiz, senagatda, oba hojalygynda hem-de durmuşyň beýleki pudaklarynda joşgunly zähmet çekýän merdana ýaşlarymyz hakynda uly alada edýäris”. Gahryman Arkadagymyz nusgawy şahyrlarymyzyň döreden eserlerine hem ýokary baha berdi. Milli Liderimiz Magtymguly Pyragynyň, Andalybyň, Magrupynyň, Mollanepesiň, Keminäniň, Zeliliniň, Seýdiniň, Şeýdaýynyň döredijiliginiň türkmen halky we tutuş adamzat üçin belli bahasynyň ýokdugy hakynda hem belledi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: Jeýhun bilen Bahry-Hazar arasy, Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň. Gül gunçasy – gara gözüm garasy, Gara dagdan iner sili türkmeniň – diýip, ata Watana, mähriban halka bolan buýsanjyny şahyrana setirleriň üsti bilen çeper beýan edipdir diýip, ýaşlara uly ynam bildirýändigi barada nygtady. Mekdepde okuwçylar bilen guraýan her bir sapaklarymyzda we sapakdan daşary geçirýän çärelerimizde, synp sagatlarymyzda “Paýhas çeşmesi” atly kitapdan peýdalanýarys. Bu kitap biziň her bizimiziň ýankitabymyza öwrüldi. Ol kitapdaky bilim-ylym almak bilen baglanyşykly: “Bilim bilen hikmet-gyzyldan gymmat”, “Bilimli uçar-bilimsiz gaçar”, “Bir okana bar-bir dokana”, “Okadym diýme, bildim diý”, “Okamadyk öküner, dil gysgadyr, sakynar”, “Okamak-iňňe bilen guýy gazmak”, “Okasaň, bilim alarsyň, hemme zady bilersiň”, “Okuwa garrama ýok”, “Ylym-akylyň ýarysy”, “Ylym köp, ömür az, geregiňi al-daşa ýaz”, “Ylym pul bilen alynmaz”, “Ylym-yhlas” ýaly pederlerimizden miras galan hazynalary-dürdäneleri durmuşda hem, halk köpçüliginde hem, bilim işgärleri bilen duşuşyklarda hem ýerli-ýerinde ulanýar. Beýik akyldar Magtymguly Pyragy: “Kitap okan gullar magnydan dokdur” diýipdir. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň “Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar” diýen bölüminde hem giňden berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde durmuşa ornaşdyrýan beýik hem-de tutumly işlerini wagyz-nesihat etmekde biz – mugallymlar öz mynasyp goşandymyzy goşýarys. Dünýä ýüzünde deňi-taýy bolmadyk “akylly” şäher bolan Arkadag şäheriniň bilim ulgamy hem döwrebap derejede guralandyr. Bu ýerde sanly bilim mümkinçilikleriniň ählisi döredilendir. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan bu täsin şäherde milli binagärligiň iň gowy däpleri, şähergurluşyk hem-de dizaýn boýunça häzirki zaman ýörelgeleri sazlaşykly birleşýär. Şäheriň bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy bilim işgärleri üçin möhüm ähmiýete eýedir. Bularyň ähmiýeti okuwçylara düşündirilýär we maglumatlar esasynda öwredilýär. Arkadag şäherimizde gurlan mekdeplerimizde okuwçylarymyza döwrebap sapak bermekde tejribeli mugallymlarymyz zähmet çekýärler. Olar okatmagyň kämil usullaryny, döwrebap tehnologiýalardan peýdalanyp, işjeň sapaklary guraýarlar. Görkezme esbaplary, sanly serişdeler, okuw kitaplarynyň döwrebaplygy bilim işgärleriniň netijeli zähmet çekmeklerine itergi berýär. Şäherimiziň mekdeplerinde okuwçylara kämil bilim bermekde hünäriniň ussady bolan mugallymlar zähmet çekýär. Mugallymlara ýylyň-ýylyna kämilleşdiriş okuwlary geçilýär. Golaýda geçirilen bilim işgärleriniň awgust maslahatlary we usuly-amaly okuwlarynyň ähmiýetini hem şu ýerde belläp bolar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ýaş nesillere bilim-terbiýe bermekde öňde goýan möhüm wezipelerini ýerine ýetirmekde yhlasly zähmet çekeris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň mugallymy Jennet ORAZMYRADOWA