Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Türkiýeli işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de ata Watan Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmaga çakylygy üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidente şanly sene mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmenistanyň Prezidenti gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti işewüre täze innowasiýalary we kämil mümkinçilikleri özünde jemleýän atçylyk toplumynyň döwrebaplaşdyrmak işlerini kompaniýanyň doly derejede ýerine ýetirendigi üçin özüniň minnetdarlygyny bildirdi. Işewür ata Watany Türkmenistanda netijeli iş alyp barmaga döredilýän mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdara hem-de Gahryman Arkadaga ýene bir gezek hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary derejede ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.