Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginiň gözel künjegindäki Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany dabaranyň geçirilýän ýerine Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti şatlyk-şowhun bilen Ahalteke atçylyk toplumynyň baş girelgesiniň toý bagyny kesdi. Dabara gatnaşýanlaryň şatlyklary we ahalteke bedewlerine bolan buýsanjy bu ýerde emele gelen şanly wakalar bilen utgaşyp, türkmen ilinde gazanylýan ösüşleri taryhy ähmiýeti bolan pursatlary äleme äşgär etdi. Döwlet Baştutany onuň baş bezegine öwrülen «Atly ýigit» heýkelini synlady. Toplumyň bu çäginiň gözelligi, onuň abadanlaşdyrylyş aýratynlygy, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesinden binýat bolan görnüşleri özünde jemleýär. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti atçylyk toplumynyň çäginde ýerleşýän ýapyk maneže baryp, ol ýerde atly sport we konkur boýunça türgenleriň, açyk manežde bolsa «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdi, şeýle hem toplumyň çäginde bar bolan athanalar, olarda atlary saklamak üçin niýetlenilen ýokary derejeli mümkinçilikleri synlady.