Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli ýurduň ussat çapyksuwarlarynyň arasynda gadymdan gelýän milli däp-dessurlara eýerilip, toý çapuwy geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, toý çapuwyna ýurduň welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden halypa çapyksuwarlaryň jemi 7-si gatnaşdy. Arkadag şäherinden ýaryşa goşulan bedewiň 7-lik belgide Daghan diýen bedew bolup, oňa türkmen halkynyň Milli Lideriniň çapyksuwarlyk etmegi buýsandyryjy wakalaryň birine öwrüldi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň atçylyk toparynda gulluk borjuny ýerine ýetirýän Kerimguly Berdimuhamedow Daghan atly ajaýyp ahalteke bedewini ussatlyk bilen seýisläp, toý çapuwyna taýýarlap gelipdir. Ussat çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen toý çapuwynda birinji orna Daghan atly bedewi bilen Gahryman Arkadag mynasyp boldy. Ýeňijä «Range Rover» kysymly sport awtoulagy gowşuryldy. Şol pursatlarda türkmen halkynyň Milli Liderinden gelip gowşan habar esasynda, bu günki halypa çapuwynda ýeňijiniň mynasyp bolan Şa serpaýy Türkmenistanyň Goranmak ministrligine, ýagny, seržant Kerimguly Berdimuhamedowyň gulluk edýän harby bölümine geçirmeklik tabşyryldy. Toý çapuwynda ikinji orna Şöhratly diýen bedew mynasyp boldy. Çapyksuwary Aşgabat şäherinden Toýly Pirmyradow. Ýeňijä «Toyota Fortuner» awtoulagy gowşuryldy. Ussat çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen toý çapuwynda üçünji orna Ahal welaýatynyň Azamat diýen bedewi mynasyp boldy. Onuň çapyksuwary Aşyrow Hudaýberdi. Ýeňijä «Toyoto Camry» awtoulagy gowşuryldy.