Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň geçýän ýerinde Hormatly il ýaşulysy A.Paýaýew ýurduň sport teleýaýlymynda täze döredilen «Bedew» gepleşiginiň ilkinji sanynyň hormatly myhmany hökmünde türkmen halkynyň Milli Lideri bilen söhbetdeş boldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, alypbaryjy, ilki bilen, Gahryman Arkadagy gazanan ýeňşi bilen gutlady. Türkmen halkynyň Milli Lideri gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, A.Paýaýewe türkmen halkynyň milli gymmatlygy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewlerini ýurtda we halkara giňişliginde wagyz etmek ýaly asylly işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi hem-de ony Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulysy» diýen adyň dakylmagy bilen gutlady. Şunuň bilen baglylykda, ahalteke bedewleriniň gadymy şöhratyny dikeltmek, bedewler bilen baglanyşykly geçirilýän çäreleriň ähmiýetini açyp görkezmek we ony ilat arasynda, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek, häzirki nesilleriň öňünde durýan wajyp wezipeleriň biridigini belläp, Gahryman Arkadag bu babatda ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça zerur işleriň geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. A.Paýaýew degerli maslahatlary we öwüt-nesihatlary üçin Gahryman Arkadaga tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň maslahatlaryndan ugur alnyp, ýurduň sport teleýaýlymynda ahalteke bedewleri, olaryň taryhy bilen baglanyşykly mowzuklary öz içine alýan gepleşikleriň taýýarlanylýandygyny, bu günki wakalaryň hem şol gepleşiklerde giňden beýan edilmegi ugrunda zerur işleriň geçiriljekdigini aýtdy. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.