Meteorologlar tarapyndan Ýaponiýanyň paýtagtynda dowamlylygy boýunça rekord goýan, ýagny 34 gün yzyny üzmän ýagan ýagyş hasaba alyndy. Bu barada «Kiodo» neşirine salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi. Bu ady tutulan etrapda ýagyşlaryň 27-nji awgustdan bäri ýagýandygy bellenýär, bulaşyk howa geçip gidýän deňiz tupanlary, uzak dowam edýän güýz ýagynlarydyr durnukly pes howa basyşy ýardam berýär. Ygalyň iň kän ýagan güni 21-nji sentýabrda hasaba alyndy, şol gün 156 mm ygal düşdi. Şu hepdäniň duşenbe gününi-de goşmak bilen, jemi 629 mm ygal düşdi, bu tutuş sentýabrdakydan ortaça üç esse köpdür. Öňki 33 günlük rekord 2019-njy ýyla degişlidir, şonda ýagyş 27-nji iýundan 29-njy iýula çenli dowam etdi. Häzir Ýaponiýanyň günbatarynda hem-de gündogarynda ýagyşlaryň hepdäniň penşenbe gününe çenli dowam etjekdigi bellenýär.