Türkmenistanly talyplar 27-nji sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Krasnoýarsk şäherinde öz işine başlan Maliýe howpsuzlygy boýunça VI halkara olimpiadanyň jemleýji tapgyryna gatnaşýarlar. 2-nji oktýabra çenli dowam etjek bu bäsleşik indi iki ýyl bäri yzly-yzyna Sibir federal uniwersitetiniň binýadynda geçirilýär. Olimpiadanyň jemleýji tapgyry dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 700 töweregi okuwçyny we talyby bir ýere jemledi diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär. Şu ýylky olimpiadanyň esasy temasy maliýe howpsuzlygy ulgamynda emeli aňy ulanmak we munuň bilen baglanyşykly töwekgelçilikler bolup durýar. Jemleýji hepdäniň dowamynda panel maslahatlary, ussatlyk sapaklary we tanymal bilermenler bilen duşuşyklar ýaly 100-den gowrak çäräniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Halkara olimpiadada Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem maliýe kiberhowpsuzlygy, maliýe gözegçiligi, bikanun gazanylan girdejileri kanunylaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek, halkara hukuk hem-de halkara gatnaşyklar ugurlary boýunça öz bilimlerini synagdan geçirýärler diýlip, habarda bellenilýär.