Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagyny, nebit koksuny satyn aldylar. Şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine flanel mata, nah ýüplük, arassalanan pagta ýagy, buýan köküniň ekstrakty ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 533 million 356 müň manada deň bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), tehniki ýody, nah matany, şeýle hem bugdaý ununy satyn aldylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→