Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi 10-11-nji dekabrda Russiýanyň paýtagtynda geçer. Bu barada Arkalaşygyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe salgylanýan TASS habar berdi. Onuň sözlerine görä, mejlisiň gün tertibinde 24 sany dürli görnüşli mesele bolar. «Esasy mesele tokaý senagaty toplumyny ösdürmek bolar. Şeýle hem, senagat, radioaragatnaşyk boýunça, GDA-da saglyga we saglygy goraýyş ulgamyna degişli birgiden meselelere garalar. «Arkalaşyk» kinofestiwaly baradaky meselä hem garalar, biz ony geljek ýyl işe goýbermek isleýäris» diýip, Lebedew nygtady. Öň GDA-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň düýn –29-njy sentýarda Minskide geçen mejlisinde agza döwletleriň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň geňeşiniň 2022-2025-nji ýyllardaky işine hem-de 7-9-njy oktýabrda Türkmenistanda geçjek daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleriniň gidişine garaljakdygy habar berlipdi. Moskwada geçjek mejlisde 2011-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda kabul edilen Erkin söwda boýunça Ylalaşygyň düzgünleriniň durmuşa geçirilişi baradaky mesele hem ara alnyp maslahatlaşylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→