Aşgabatdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdy syýasy, durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekdi. «Watan» habarlar gepleşiginde aýdylyşy ýaly, şu aşakdaky resminamalar işlenip taýýarlandy we tassyklandy: BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2028-nji ýyl – Halkara hukugynyň ýyly» atly Kararnamasyny durmuşa geçirmek hem-de Türkmenistanyň daşary syýasatynyň halkara-hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» atly milli Konsepsiýa; Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmegiň, üpjün etmegiň hem-de goramagyň döwlet ulgamyny pugtalandyrmak, şeýle hem BMG we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, adam hukuklary ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin, «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy Arassa ganly ahalteke bedewleriniň genofonduny gorap saklamak maksady bilen, «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny; Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek we kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen, Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli döwlet Maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasy; Ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistany Senagat taýdan ösdürmegiň 2030–2045-nji ýyllar üçin milli Strategiýasy». Gol çekilen resminamalarda degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we ýerli häkimliklere göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→