Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyny bellemek hakdaky Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy. Permana laýyklykda, 27-nji, 28-nji we 29-njy sentýabr baýramçylyk günleri diýlip yglan edildi. 28-nji sentýabr iş güni däl diýlip bellenildi. 27-nji sentýabrdaky dynç güni hem 29-njy sentýabra – sişenbe gününe geçirildi. Şeýlelikde, raýatlar baýramçylyk mynasybetli üç gün dynç alar. Degişli Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.