Intel kompaniýasynyň paýnamalary soňky bäş günüň dowamynda 25% gymmatlady. Muňa emeli aň agentleriniň ýaýramagy bilen merkezi prosessorlara (CPU) bolan islegiň artmagy täsir etdi. Bu barada Intel-iň baş direktory Lip-Bu Tana salgylanyp, «Yahoo Finance» neşiri habar berýär. Tanyň aýtmagyna görä, CPU-lara bolan islegiň ýokarlanmagyna Reinforcement Learning (berkitmek arkaly öwrenme) tehnologiýasy, emeli aň agentleri we ulgamlaryň dolandyrylmagy ýaly ugurlar täsir edýär. Emeli aňyň ösüşiniň ilkinji döwründe esasy üns grafiki prosessorlara (GPU) gönükdirilýärdi. Olar emeli aň modellerini taýýarlamakda we işletmekde giňden ulanylýar. Emma emeli aň agentleriniň ýaýramagy bilen CPU-laryň ähmiýeti has artdy. Intel-iň ikinji çärýekde girdejisi ýyllyk hasapda 25% artyp, $16,1 milliard boldy. Bu kompaniýanyň soňky 15 ýyldaky iň ýokary ösüş depgini boldy. Ösüşe emeli aň bilen baglanyşykly serwer çiplerine bolan isleg hem täsir etdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 16 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→