Şwesiýanyň Volvo Cars awtoulag öndürijisi täze ýolbaşçy saýlady. Häzirki wagtda Volkswagen konserniniň Škoda brendine ýolbaşçylyk edýän Klaus Selmer prezidentiň we baş direktoryň wezipesine bellendi. Selmer 2027-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan gijä galman wezipesine girişer, häzirki baş direktory Hokan Samuelsson bolsa işini we wezipesini tabşyrmak üçin agzalan wagta çenli wezipesinde galar. Bu wezipä belleniş global satuwyň pese gaçmagy hem-de ABŞ-nyň salgytlary sebäpli şu ýyl paýnamalary, takmynan, 40% pese gaçan kompaniýanyň giň gerimde täzeden üýtgedip gurmak işini tamamlamaklyga gönükdirilendir. Direktorlar geňeşi 2025-nji ýylda 3,5% bolan iş girdejisini 8%-den hem gowrak ýokarlandyrmaga tama edýär. Klaus Selmeriň awtoulag senagatynda otuz ýyldan gowrak iş tejribesi bar, şol sanda ol Porsche we Volkswagen kompaniýalarynda hem işläpdi. «Klaus Selmer awtoulag senagaty boýunça çuňňur bilimi, giň halkara dolandyryş tejribesini, şeýle hem kompaniýalary özgerişler we üýtgeýän bazar şertleri arkaly üstünlikli alyp barmakda toplan guramaçylyk ussatlygy özünde jemleýär» diýip, Volvo kompaniýasynyň başlygy Erik Li beýanatynda aýtdy. Täze ýolbaşçy wezipäniň çylşyrymlydygyny boýun alýar. «Volvo Cars-yň tas 100 ýyllap özüni gaýtadan döretmäge we özgertmäge bolan ukyby — diňe bir uly üstünlik bolman, eýsem yzygiderli synagdyr» diýip, Selmer belledi. Özgertmeler eýýäm dowam edýär: Samuelsson 18 milliard şwed krony (1,6 milliard ýewro) möçberinde çykdajylary azaltmak maksatnamasyny işe girizdi, 3000 iş ornuny kemeltdi we doly elektrikleşdirmäge geçmek meýilnamalaryny täzeden gözden geçirdi. Kompaniýa 13 sany elektrikleşdirilen modeli çykarmagy we Geely bilen hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagy maksat edinýär. Maýadarlara täze strategiýany düşündirmek bilen, Samuelsson şeýle nygtady: «Bir global model bilen iş bitmez we ony dürli reňklere boýanyň ýa-da bezäp uýgunlaşdyranyň hem ýeterlik bolmaz».