Google kompaniýasy ilkinji «Googlebook» noutbuklaryna öňünden sargytlary kabul edip başlady. Bu enjamlar Android tehnologik binýadyna esaslanýan hem-de «ChromeOS» ulgamynyň ösüşlerinden peýdalanylyp döredilen «Googlebook OS» adaty täze programma üpjünçiliginde işleýär. Täze enjamlaryň bahasy 899 dollardan başlanýar. Ilkinji modelleri Acer, Asus, Dell, HP we Lenovo ýaly dünýä belli kompaniýalar öndürýär. «Googlebook» enjamlary 2026-njy ýylyň maý aýynda köpçülige hödürlendi. Kompaniýa olary Gemini we Android smartfonlary bilen berk baglanyşykly, ýokary öndürijilikli noutbuklaryň täze tapgyry hökmünde görkezýär. Bu tapgyra adaty noutbuklar bilen birlikde ekranlary öwrülýän sensorly modeller hem girýär. Operatiw ýat enjamynyň (RAM) möçberi 16 gigabaýtdan başlanýar. Modeline baglylykda, enjamlar «Intel Core Ultra Series 3» ýa-da «Qualcomm Snapdragon X Elite» prosessorlary bilen üpjün edilýär. Geljekde bu hatara «MediaTek» platformasy hem goşular. Google kompaniýasynyň tassyklamagyna görä, bu noutbuklar zarýadyny 14 sagada çenli saklamaga ukyplydyr. Ähli «Googlebook» enjamlarynyň gapagynda «Glowbar» diýlip atlandyrylýan ýörite ýagtylyk zolagy bar. Ol batareýanyň zarýad derejesini görkezýär, Gemini emeli aň hyzmatynyň işine görä öwüşgin atýar we dürli animasiýalary ýerine ýetirýär. Enjamlaryň iň esasy aýratynlyklarynyň biri — olaryň Android smartfonlary bilen doly integrasiýa edilmegidir. Mysal üçin, «Continue On» funksiýasy telefonda başlan işiňi göni noutbukda dowam etdirmäge mümkinçilik berýär. Smartfondaky faýllar we suratlar aňsatlyk bilen faýl dolandyryjysy arkaly elýeterlidir. «Cast My Apps» bolsa mobil programmalary noutbukda aýratyn penjirede açmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, «Googlebook» enjamlarynda «Google Play» dükanyndan programmalary göni gurnap bolýar. Olar giňeltmeler bilen üpjün edilen Chrome brauzeri hem-de terminal bilen üpjün edilen aýratyn Linux gurşawy arkaly meselesiz işleýär. Satuwlar 4-nji oktýabrda ABŞ-da, 5-nji oktýabrda Kanadada, Beýik Britaniýada, Irlandiýada, Fransiýada, Germaniýada we Awstraliýada başlanar. Google on ýylyň dowamynda ulgamyň täzelenmesini-de çykaryp durjakdygyny söz berýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir