Saud Arabystanynyň CEER markasy özüniň flagman EXOBOT elektrik awtoulagyny birbada iki nusgada — kuwwatly sedan we uly krossower görnüşinde tanyşdyrdy. Özüni ýurduň ilkinji elektrik awtoulag öndürijisi hökmünde tanadýan bu marka üçin täze modelleriň tanyşdyrylmagy diňe bir bazara täze önümi çykarmak bilen çäklenmän, eýsem ýerli howa şertlerini we medeni aýratynlyklary göz öňünde tutup, premial awtoulagy döretmek synanyşygydyr. Sedanyň uzynlygy 5260 mm, ini 2102 mm, beýikligi bolsa 1428 mm. Awtoulagyň dizaýny pahnapisint bolup, onuň inçe LED çyralary hem-de öň tarapynda 23 dýuýmlyk, yzda bolsa 24 dýuýmlyk diskli uly tigirleri bar. Aýratyn üns berlen çözgütleriň biri gapylaryň aşaky bölegindäki panelleriň durulygyny sazlap bolýanlygydyr. Awtoulagyň kuwwatyna 850 at güýji hem-de 1000 Nm aýlanma pursady berýän üç hereketlendirijili doly ýöredijili ulgam jogap berýär. EXOBOT sagatda 100 kilometr tizlige bary-ýogy 2,6 sekuntda ýetýär, iň ýokary tizligi bolsa 230 km/sag-a deňdir. Sygymy 112 kWt/sag bolan akkumulýator NEDC ölçegleri boýunça 670 km çenli ýol geçmäge mümkinçilik berýär. Hemişelik tok (DC) arkaly zarýad bermegiň iň ýokary kuwwaty 250 kWt. Salonda sürüjiniň öňünde 48 dýuýmlyk 8K ekran, merkezi dolandyryş panelinde bolsa 10,4 dýuýmlyk ekran ýerleşdirilen. Awtoulagda şeýle hem dört zolakly howa sazlaýyş ulgamy, ähli oturgyçlaryň şemalladylmagy, hoşboý ys beriji ulgam we salon çyralary göz öňünde tutulan. Modeliň iň ýokary First Edition görnüşinde nappa derisi ulanylýar. CEER ýerli bazaryň aýratynlyklaryny hem göz öňünde tutup, EXOBOT-a birnäçe adaty bolmadyk funksiýany goşupdyr. Awtoulag namaz wagtynyň ýetendigini ýatladýar we Mekgäniň ugruny görkezýän kybla kompasy bilen enjamlaşdyrylan. Şeýle hem ýörite ulgam abaýanyň (giň biçüwli, milli arap eşiginiň) gapa gapjalmagynyň öňüni alýar. Krossower sedana garanyňda gysgarak, ýöne beýigräk bolup, onuň uzynlygy 5016 mm, beýikligi bolsa 1693 mm-e ýetýär. Awtoulagyň ýer bilen aralygy iki kameraly pnewmatik asma ulgam arkaly sazlanýar: ulagy 240 mm-den 300 mm-e çenli beýgeldip bolýar. Gumly ýollarda we alaňlarda sürmek üçin bolsa ýörite Sand Mode režimi göz öňünde tutulan. Krossoweriň kuwwatyny hem 850 at güýji we 1000 Nm aýlanma pursady berýän üç hereketlendirijili ulgam üpjün edýär. Ol 100 km/sag tizlige 2,9 sekuntda ýetýär, iň ýokary tizligi bolsa 210 km/sag. Sygymy 112 kWt/sag bolan akkumulýator NEDC ölçegleri boýunça 560 kilometre çenli ýol geçmäge mümkinçilik berýär. Yssy howa şertleri üçin Halo Cooling sowadyş ulgamy hem bar. Ol sowuk howany ýokardan ugrukdyrýar. Mundan başga-da, krossowerde dört zolakly howa sazlaýyş ulgamy, merkezi konsolda we bagažda oturdylan sowadyjy bölümler bar. Ýük sygymlylygy 402 litr, oturgyçlaryň ikinji hatary ýygnalanda bolsa, bu görkeziji 1091 litre deň bolýar. Awtoulaglaryň resmi bahalary häzirlikçe yglan edilmedi. Şeýle-de bolsa, GQ Japan neşiri sedanyň bahasynyň deslapky çaklamalara görä 100–130 müň dollar, krossoweriň bolsa 110–140 müň dollar aralygynda bolup biljekdigini ýazýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir