Gündäki koronal deşik sebäpli penşenbe güni Ýerde G1 derejeli pes magnit tupanyna garaşylýar. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün-Ýer fizikasy institutyna hem-de Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi. «Sentýabrda güýzüň ikinji magnit tupany bolar» diýlip, habarda bellenýär. Laboratoriýada Günüň umumy ýagdaýynyň hem-de älem howasynyň durnuklydygyny habar berdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→