Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady. TDH-de habar berlişi ýaly, W.Putin gutlagynda: «Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşiň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegini dowam edip, dünýä giňişligindäki abraýyny barha pugtalandyrýar. Biz Siziň ýurtlarymyzyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen tagallalaryňyza ýokary baha berýäris. Biz Russiýanyň we Türkmenistanyň dostlukly halklarynyň, Merkezi Aziýada, Hazar sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine ikitaraplaýyn hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki işlerimizi dowam etdireris» diýip belleýär hem-de döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir