Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefonda arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi. Bellenilişi ýaly, Özbegistanyň döwlet Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we döwlet işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Özbegistanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa özüniň mähirli salamyny ýollady. Türkmenistanyň Prezidenti, öz gezeginde, Özbegistanyň döwlet Baştutanyna türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan iň gowy arzuwlary ýetirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi. Haryt dolanyşygynyň möçberiniň durnukly ösýändigi, energetika, ulag we beýleki möhüm ulgamlarda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Şeýle hem sebitleýin meýilnamalara degişli käbir meseleler, şol sanda Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygyna hem-de Türkmenistanda geçirilmeli GDA-nyň sammitine taýýarlyk görmek barada pikir alşyldy. Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda özbek Lideri doganlyk Türkmenistanyň Prezidentini we halkyny ýakyn günlerde bellenilýän milli baýram — Garaşsyzlyk güni bilen gutlady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir