Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişi dowam edýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalary we gurallary netijeli işledilip, gallaçy daýhanlar ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün edilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Şunuň bilen birlikde, ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler alnyp barylýar. Möwsümde pagta ýygyjy kombaýnlary we beýleki tehnikalary netijeli işletmek, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň güýzlük gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Degişli şaly we gant şugundyry ekilen meýdanlarda bolsa agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri geçirilýär. Şeýle hem ýurtda mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabatlar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de bugdaý ekişini, pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmegiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutany welaýatlarda güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmegi, ýetişdirilen hasyly öz wagtynda zaýasyz ýygnap almak üçin ähli çäreleri görmegi, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly ekilen, Mary welaýatynda gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işlerini bellenilen möhletlerde talabalaýyk alyp barmagy, welaýatlarda bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda geçirmegi tabşyrdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramyna welaýatlarda gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.