Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady. TDH-de habar berlişi ýaly, Emomali Rahmon gutlagynda: «Häzirki wagtda Türkmenistanyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny bellemek ýakymlydyr. Türkmenistanyň ygtybarly ösüşi, halkara abraýynyň has-da belende galmagy üçin berk binýady döretmäge gönükdirilen syýasat amala aşyrylýar. Munuň özi şu ýyl şanly 35 ýyllygy bellenilýän döwlet Garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de döredijilikli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak meselelerine hemişe uly üns berýändigiňize ýokary baha berýärin. Halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine bu döredijilikli gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmek boýunça bilelikdäki işi dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigimizi nygtaýaryn. Bu şanly günde, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkynyň isleg-arzuwlaryny durmuşa geçirmegiň ýolunda egsilmez güýç-kuwwat hem-de täze üstünlikleri arzuw edýärin» diýip belledi.