Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. «Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga, strategik hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin. Ýokary derejede kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilmegi netijesinde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehnologiýa, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar, dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilelikdäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň we özara bähbitli täze başlangyçlar bilen çykyş etmegiň Russiýa Federasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine ynanýaryn. Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!» diýip, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy gutlagynda belleýär. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün — 22-nji sentýabrda 45 ýaşaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir