Merkezi Aziýada suw gorlary we buzluklar azalýar. Bu barada Bütindünýä meteorologik guramasynyň (WMO) ylmy-barlaglaryna salgylanýan «Daryo.uz» habar berdi. Guramanyň hünärmenleri soňky bäş ýyldaky görkezijileri öwrendiler we olary 1991-2020-nji ýylyň maglumatlary bilen deňeşdirdiler. Hünärmenlik bahalandyrmasyna laýyklykda, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Owganystanyň suw howdanlaryna suwuň akmagy görnetin kemeldi. Merkezi Aizýa derýalaryň suwy kadadan pes ýa-da görnetin pes bolan dünýä sebitleriniň hataryna girdi. Sebitiň esasy derýa ulgamlary Amyderýa we Syrderýa degişli bolan Aral deňzi basseýninde ýagdaý çylşyrymly. Alymlary aýratyn hem buzluklaryň ýagdaýy biynjalyk edýär. Merkezi Aziýanyň dag buzluklary suwy toplamakdan kän ýitirýärler. Merkezi Aziýa synlamalaryň tutuş taryhynda buzluklary iň köp ýitgi çeken sebitleriň üçlüge girdi. Ylmy-barlaglarda bellenişi ýaly, 2023-2025-nji ýyllarda dünýäde buzluklaryň umumy suw ýitgisi 1 müň 400 gigatonna deň boldy. Soňky bäş ýylda deňiz derejesinden ýokardaky dag buzluklary buzuň agramynyň 6,2 göterimini ýitirdiler. Merkezi Aziýanyň derýalarynyň suwunyň ýarysyndan gowragy garyň we uzuň hasabyna üpjün edilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir