Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy. Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy Sergini muzeýiň medeni-magaryf bölüminiň müdiri Döwletmyrat Rejepow açdy. Çykyş edenleriň arasynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory Sapargeldi Durdyýew, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgäri, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Orazdurdyýewa, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň kitaphana bölüminiň müdiri, akademiýanyň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Aýjemal Baýramowa we beýlekiler bar. Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy Muzeýiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, sergide esasy orun Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri we ýeten sepgitleri baradaky suratlara we maglumatlara berlipdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir