Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamow Yslamabat şäherindäki «Serena» myhmanhanasynda Lahor Söwda-senagat edarasy (LCCI) tarapyndan Pakistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň Ilçileri üçin gurnalan «Ambassadors’ Dinner 2026» çäresine baş myhman hökmünde gatnaşdy. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi. Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň adyndan çykyş edip, Penjab welaýatynyň we Lahor şäheriniň işewürler jemgyýetiniň eksporty ösdürmekde, maýa goýumlary çekmekde, täze iş orunlaryny döretmekde we ykdysady ösüşe goşant goşmakda möhüm ornuny belledi. Türkmenistanyň sebit syýasaty barada durup geçip, ol ýurduň hökümet ýolbaşçylarynyň sebitara özara baglanyşygy pugtalandyrmaga, şol sanda sebit ýurtlarynyň arasynda ulag-aragatnaşyk ugurlaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylan bitewi üstaşyr we energetika geçelgesini döretmek, şeýle hem TOPH we TOP taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler aýratyn bellenildi. Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Lahor Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan kabul edişlikde çykyş etdi Ilçi A.Möwlamow şu ýyl TOPH gaz geçirijisiniň strategiki ähmiýetli Serhetabat — Hyrat böleginiň gurluşygyny tamamlamak meýilleşdirilýändigini belläp, munuň 2027-nji ýylda Owganystana tebigy gazyň akdyrylyp başlamagy üçin zerur şertleri döretjekdigini aýtdy. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň sebitde has arassa energiýanyň ygtybarly üpjünçiligini ýola goýmaga, şol bir wagtyň özünde Pakistanyň senagat kuwwatyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri döretmäge we durnukly ykdysady ösüşe goldaw berjekdigi bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir