Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan ýakyn wagtda Türkmenistana iş sapary bilen geler. Bu barada Ermenistanyň Aşgabatdaky ilçisi Arsen Awagýan ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli guralan kabul edişlikde habar berdi. Onuň sözlerine görä, sapar iki ýurduň arasyndaky syýasy gepleşikleri dowam etdirmek we amaly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döreder. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýerewana jogap saparyna garaşylýar, bu sapar 2026-njy ýylda Ermenistanda geçiriljek BMG-niň Biologik köpdürlülik hakynda konwensiýanyň Taraplarynyň 17-nji maslahatyna (COP17) gabatlanyp amala aşyrylar. Diplomat soňky ýyllaryň ermeni-türkmen syýasy gepleşikleriniň düýpli işjeňleşen döwri bolandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, muňa aýdyň mysal hökmünde Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň 2024-nji ýylyň oktýabrynda, 2025-nji ýylyň awgustynda we 2025-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistana amala aşyran üç saparyny görkezmek bolar. Dekabr aýyndaky iş saparynyň dowamynda Haçaturýan Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyp, taraplar syýasy, ykdysady, bilim we medeni hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, taryhy-medeni mirasy gorap saklamak meselelerini, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem infrastrukturany ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.