Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2026-njy ýylyň ýanwar-iýul aýlary aralygynda 35,95 million amerikan dollaryna ýetip, 2025-nji ýylyň jemi görkezijisi bolan 36,5 million dollara golaýlady. Bu barada Ermenistanyň Aşgabatdaky ilçisi Arsen Awagýan Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli guralan kabul edişlikde habar berdi. Diplomat ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki mümkinçilikleriniň özara söwdany ep-esli giňeltmäge we täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam edip biljekdigine ynam bildirdi. Ilçiniň sözlerine görä, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine hökümetara maslahatlaşmalaryň yzygiderli görnüşi ýardam edýär. 2025-nji ýylyň mart aýynda Ermeni-türkmen hökümetara toparynyň onunjy mejlisi geçirilip, onuň çäklerinde söwda, energetika, ulag, oba hojalygy, syýahatçylyk, bilim we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna garaldy. Awagýanyň belleýşi ýaly, energetika we ulag ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar. Ol Ermenistanyň çäginden geçjek multimodal üstaşyr aragatnaşygy döretmegi göz öňünde tutýan «TRIPP» taslamasyny ýatlatdy, ermeni tarapy bu taslamany Merkezi Aziýa, Hazar sebiti we Ýewropanyň arasyndaky Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmegiň has giň şertlerinde göz öňünde tutýar. Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow, diplomatik korpusyň, ylmy, jemgyýetçilik we işewürlik toparlarynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda ýaşaýan ermeni watandaşlary gatnaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir