Ermenistan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan goşandyna ýokary baha berýär — diýip, Ermenistanyň Aşgabatdaky ilçisi Arsen Awagýan aýtdy. «Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen şahsy üns-aladalary hem-de yzygiderli tagallalary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmek isleýärin» – diýip, diplomat Ermenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli kabul edişlikde belledi. Ol Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň syýasy gepleşikleri mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de iki ýurduň halklarynyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly goşant goşandygyny nygtady. Ilçiniň sözlerine görä, Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny belleýän Ermenistan geçen ýoluna minnetdarlyk bilen garaýar, geljege bolsa ynam bilen seredýär, ykdysady ösüşi we tehnologik döwrebaplaşdyrmagy işjeň halkara hyzmatdaşlyk bilen utgaşdyrmaga çalyşýar. Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow, diplomatik korpusyň, ylmy, jemgyýetçilik we işewürlik toparlarynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda ýaşaýan ermeni watandaşlary gatnaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir