Ermenistanyň Türkmenistandaky ilçisi Arsen Awagýan ermeni we türkmen halklaryny baglanyşdyrýan umumy taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga çagyrdy. «Ermeni we türkmen halklarynyň taryhyny baglanyşdyrýan taryhy-medeni miras ýadygärlikleri hem aýratyn ähmiýete eýedir. Olaryň arasynda Argawand obasyndaky XV asyra degişli türkmen emirleri Garagoýunlylaryň mawzoleýi we Türkmenbaşy şäherindäki 1905-nji ýylda bina edilen ermeni ybadathanasy bar. Bu ýadygärlikleri gorap saklamak taryhy mirasa bolan umumy hormatymyzyň möhüm bölegi bolup durýar» – diýip, diplomat Aşgabatda Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli guralan kabul edişlikde belledi. Ilçi şeýle hem iki ýurduň gatnaşyklarynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň hem az ähmiýetli orun tutmaýandygyny nygtady. Onuň sözlerine görä, Aşgabatda geçirilýän Ermenistanyň Medeniýet günleri we Ýerewanda geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet günleri, konsertler we beýleki bilelikdäki çäreler halklaryň birek-biregiň medeni mirasy we döwrebap gazananlary bilen has ýakyndan tanyşmagyna mümkinçilik berdi. Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow, diplomatik korpusyň, ylmy, jemgyýetçilik we işewürlik toparlarynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda ýaşaýan ermeni watandaşlary gatnaşdylar.