Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykdy, muňa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça dowam edýän özara saparlar, duşuşyklar we maslahatlaşmalar şaýatlyk edýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow belledi. «Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky köp ýyllyk hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we mundan beýläk-de ösdürmäge uly üns berýärler» – diýip, wise-premýer Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli kabul edişlikde aýtdy. Onuň sözlerine görä, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk, özara düşünişmek we hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar yzygiderli pugtalanýar, medeni we ynsanperwer gatnaşyklar bolsa barha giň we many-mazmunly häsiýete eýe bolýar. Agajanow: Türkmenistan bilen Ermenistanyň hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalanýar Agajanow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmeginiň, şeýle hem BMG ýaly halkara guramalarynyň çäginde başlangyçlara özara goldaw berilmeginiň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge uly goşant goşýandygyny belledi. «Häzirki wagtda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky döwletara gepleşikleriň möhüm ugry bolup durýar» – diýip, ol nygtady. Wise-premýeriň sözlerine görä, iki ýurduň hökümetleri özara söwdany, eksport-import harytlarynyň görnüşlerini giňeltmäge we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýärler. Haryt dolanyşygyndaky oňyn depgin, hususan-da, söwda-ykdysady, ulag, senagat, oba hojalyk we ynsanperwer ulgamlarynda, şol sanda saglygy goraýyş, ylym, sport we syýahatçylyk ugurlarynda mundan beýläkki hyzmatdaşlyk üçin uly kuwwatyň bardygyna şaýatlyk edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir