Russiýanyň Merkezi saýlaw topary saýlawlaryň gutarnykly jemlerini 25-nji sentýabrda yglan eder. Bu barada MST-niň başlygy Ella Pamfilowa habar berdi diýip, TASS ýazýar. 20-nji sentýabrda Russiýada Döwlet Dumasynyň IX çagyrylyşynyň deputatlarynyň, gubernatorlaryň we sebit parlamentleriniň saýlawlary tamamlandy. Ol üç gün dowam etdi. Sesleriň 90 göterimi sanalanda, «Единая Россия» partiýasynyň 58 göterim bilen öňde barýandygy belli boldy, olar aşaky palatada konstutusion köplügi düzerler. Ikinji orny 14 göterim ses bilen Russiýa Federasiýasynyň Kommunistik partiýasy eýeledi, ondan soňra 9 göterim ses bilen Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasy we 8 göterim ses bilen «Новые люди» partiýasy ýerleşdi. Bu ýyl saýlawlara partiýalaryň 10-sy gatnaşdy. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin saýlawlara ýurduň durmuşyndaky möhüm içeri syýasy waka hökmünde baha berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir