Bangladeşiň Dakka şäheriniň eteginde birnäçe ýük ulaglarynda gazly ballonlaryň partlamasy netijesinde dörän güýçli ýangynda azyndan ýedi adam pida boldy, 13 adam ejir çekdi diýip, «Sinhua» agentligi habar berdi. Şäheriň etegindäki Aşuliýa etrabynyň polisiýa bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Mohammad Tarikul Yslam ýapyk furgonlardan bäş adamyň jesediniň çykarylandygyny, ýene bir adamyň goňşy dükanda pida bolandygyny habar berdi. Onuň sözlerine görä, betbagtçylykly waka ýük ulaglaryndan gazly ballonlar düşürilýärkä bolupdyr. Halas ediş işleri ýerli wagt bilen gije sagat 23:42-de tamamlandy diýip, M.T.Yslam belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir