Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we Premýer-ministri Nikol Paşinýana, ýurduň dostlukly halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Ermenistan Respublikasynyň syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanandygyny belläp, ýurtlaryň özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarly bolmagynyň iki halkyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine ynam bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Waagn Haçaturýana hem-de Premýer-ministr Nikol Paşinýana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Ermenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.