BMG-niň Türkmenistandaky ýurt topary dünýäde ilkinji bolup «BMG-Zenan» düzümi tarapyndan işlenip taýýarlanan strategik çaklama üçin täze gural bolan — G-PESTLE usulyýetini synagdan geçirmäge girişdi. Bu barada un.mission.gov.tm saýty habar berýär. G-PESTLE — geljekde ýüze çykyp biljek töwekgelçilikleri we täze mümkinçilikleri öňünden kesgitlemäge, şeýle-de olary uzak möhletleýin meýilleşdirmede nazara almaga mümkinçilik berýän usulyýetdir. Bu usulyýet syýasy, ykdysady, durmuş, tehnologik, hukuk we ekologik ýaly özara baglanyşykly köp sanly faktorlary bir wagtda seljermäge, şeýle-de bolup geçýän üýtgeşmeleriň jemgyýetiň dürli toparlaryna ýetirýän täsirine baha bermäge mümkinçilik berýär. Synagyň netijeleri boýunça G-PESTLE usulyýetiniň amaly gözegçilik sanawyny işläp taýýarlamak we ony BMG-niň ýurt boýunça seljermesi nobatdaky gezek täzelenende synagdan geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanda toplanan tejribäniň geljekde BMG-niň ösüş ulgamynyň çäklerinde has giňden ulanylyp bilinjek amaly gurallaryň we çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanylmagyna ýardam bermegine garaşylýar.