18-nji sentýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ýurduň umumybilim berýän mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen biologiýa boýunça olimpiadanyň milli tapgyrynyň jemleri jemlendi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär. Olimpiadanyň netijeleri boýunça baýrakly orunlara mynasyp bolanlar: 1-nji orun — Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Garaýew Sähetmyrat; 2-nji orun — Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň ýöriteleşdirilen 18-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Maksadowa Güljemal hem-de Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Annamämmedowa Aýnur; 3-nji orun — Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Aşyrow Şanazar, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 20-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Esenowa Aýlar hem-de Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Atajanowa Mähri.