Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen «Häzirki zaman bilimi. Wajyp meseleler we çözgütler» atly halkara ylmy-amaly maslahata türkmenistanly alymlar we bilim işgärleri onlaýn görnüşinde çykyşlary etdiler. Ylmy-amaly maslahaty Russiýanyň Tebigy bilimler akademiýasynyň (RANH) professory hem-de Alymlaryň, mugallymlaryň we hünärmenleriň Halkara assosiasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kirill Bizenkow alyp bardy. Ylmy-amaly maslahata Russiýanyň, Belarusyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, usulyýetçi alymlary gatnaşdylar. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar halkara we pudagara aýratynlyklaryny — didaktikadan we ruhy-ahlak biliminden başlap, bilimiň sanlylaşdyrylmagyna we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň lukmançylyk taýýarlygyna çenli häzirki döwrüň wajyp meseleleri barada nygtap bellediler. Ylmy-amaly maslahatda edilen çykyşlar häzirki zaman bilimiň esasy ugurlaryny öz içine aldy: emeli aň intellekti bilim-terbiýeçilik we ylmy işlere ornaşdyrmak, orta mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde bilimi sanlylaşdyrmak, okatmagyň ruhy-ahlak esaslaryny berkitmek we lukmançylykdan oba hojalygyna çenli dürli ugurlarda okaýanlaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, bilim-ylym ulgamynda halkara hymatdaşlygyny işjeňleşdirmek. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.