Türkmen türgenleri 19-njy sentýabrda Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde açylan we 4-nji oktýabra çenli dowam etjek XX tomusky Aziýa oýunlarynda çykyşlaryna başladylar. Oýunlaryň açylyş dabarasy 19-njy sentýabr agşamy «Mizuho Park» stadionynda geçirildi. Bu Ýaponiýanyň taryhynda 1958-nji ýylda Tokioda we 1994-nji ýylda Hirosimada geçirilen Aziýa oýunlaryndan soňky üçünji tomusky Aziýa oýunlarydyr. Ýaryşlara Aziýanyň 45 ýurdundan we çäklerinden, şeýle-de bosgunlar toparyndan jemi 10,8 müň töweregi türgen gatnaşýar. Olar sportuň 43 görnüşi boýunça medallar ugrunda bäsleşerler. Türkmenistan Aziýa oýunlaryna 57 adamdan ybarat wekiliýetini iberdi. Onuň düzüminde 34 türgen we 15 tälimçi bar. Bu Türkmenistanyň Aziýa oýunlaryna dokuzynjy gezek gatnaşmagydyr. Türkmen türgenleri sportuň sekiz görnüşinde — boks, sport göreşiniň erkin we grek-rim görnüşlerinde, karate-do, kuraş, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, agyr atletika we uşu ýaly görnüşlerinde çykyş edýärler. Türkmenistanyň ýygyndysy üçin ilkinji ýaryşlar 20-nji sentýabrda geçirildi. Uşu-sanda boýunça 52 kilograma çenli agram derejesinde Bibimerýem Akmuhammedowa 1/8 finalda gazagystanly Aýan Tursyndan 0:2 hasabynda ýeňildi. Muhammet Jumamyradow hem 75 kilograma çenli agram derejesinde şuňa meňzeş hasap bilen Hytaý Taýpeýiniň wekili Çžan Huanýiden asgyn geldi. Karateçi Raýan Gurbanmyradow (60 kilograma çenli) has üstünlikli çykyş etdi. Ol 1/16 finalda filippinli Jon Kristian Laçikany 6:1 hasabynda ýeňdi, emma çärýek finalda malaýziýaly Hari Sankar Sureýa Sankardan ýeňildi. Suwda ýüzmek boýunça 100 metr aralyga erkin usulda geçirilen ýaryşda 15 ýaşly Alan Muhin 53,69 sekunt netije görkezdi we 43 gatnaşyjynyň arasynda 34-nji orny eýeledi. Indiki tapgyra diňe ilkinji on ýüzüji çykdy. 21-nji sentýabrda türkmen türgenleri çykyşlaryny dowam etdirdiler. Alan Muhin 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmek boýunça ýaryşda 23,91 sekunt netije bilen birinji bolup, umumy sanawda 48 gatnaşyjynyň arasynda 29-njy orny eýeledi. Waleriýa Mirenskaýa 200 metr aralyga toplumlaýyn ýüzmekde 2 minut 43,30 sekunt netije görkezdi we 23 türgeniň arasynda 21-nji boldy. Ýygyndynyň ýene bir ýüzüjisi Dawid Akopýan 100 metr aralyga brass usulynda geçirilen ýüzüşde 1 minut 4,72 sekunt netije bilen birinji ýeri eýeledi. Jemleýji teswirnamada ol 36 gatnaşyjynyň arasynda 26-njy orny eýeledi. Şol gün karate boýunça Türkmenistanyň wekili Daýan Keletliýew (67 kilograma çenli) üçin ýaryş tamamlandy. Ol 1/8 finalda Gonkongyň wekili bilen bolan duşuşykda ýeňildi. Şeýle hem 21-nji sentýabrda ýaryş düşeginde we ringde Türkmenistanyň ýene üç wekili çykyş eder. Boksçy Baýramdurdy Nurmuhammedow (70 kilograma çenli) deslapky tapgyrda bahreýnli Ali Abdalla bilen duşuşar. Uşu boýunça bolsa çärýek finala çykmak ugrunda Merjen Joraýewa (60 kilograma çenli) nepally Rita Takulla, Hezret Öwezgeldiýew (65 kilograma çenli) bolsa eýranly Şoja Panahigelehkolaei bilen bäsleşer. Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň öňki Aziýa oýunlarynda — 2023-nji ýylyň 23-nji sentýabryndan 8-nji oktýabry aralygynda Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilen ýaryşlarda 104 adamdan ybarat bolup, onuň düzüminde sportuň 11 görnüşinde çykyş eden 67 türgen bardy. Olar 3x3 basketbol, boks, sport göreşi, jiu-jitsu, dzýudo, kuraş, karate-do, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, agyr atletika we uşu boýunça bäsleşipdiler. Şonda türkmen türgenleri alty bürünç medal gazanypdylar. Olaryň eýeleri dzýudoçy Maýsa Pardaýewa (57 kilograma çenli), kuraşçylar Aýnur Amanowa (48 kilograma çenli) we Işanmyrat Ataýew (90 kilograma çenli), boksçy Baýramdurdy Nurmuhammedow (71 kilograma çenli), erkin göreş boýunça pälwan Döwletmyrat Orazgylyjow (86 kilograma çenli) hem-de karateçi Baýry Baýryýew (67 kilograma çenli) bolupdylar.