Türkmen ýygyndysy Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde 19–20-nji sentýabrda geçirilen Sambo-2026 boýunça dünýä kubogynda dört medal gazandy. 2026-njy ýylyň halkara sambo senenamasyndaky esasy ýaryşlaryň biri bolan bu ýaryşa Awstraliýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Bolgariýanyň, Gondurasyň, Gruziýanyň, Ysraýylyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we başga-da birnäçe ýurduň milli ýygyndylary gatnaşdy. Ýaryşlar erkekleriň we zenanlaryň arasynda üç ugur — sport sambosy, söweş sambosy hem-de görüş ukyby bozulan türgenleriň arasyndaky sambo boýunça geçirildi. Duşenbe şäherinde bu Sambo boýunça dünýä kubogynyň yzly-yzyna ikinji gezek geçirilmegidir. Ýaryşyň ilkinji gününde türkmen türgenlerinden Sapar Döwletow tapawutlandy. Ol sport sambosy boýunça 71 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal gazandy. Ýaryşyň ikinji gününde türkmen samboçylary ýygyndynyň medallar gaznasyna ýene üç medal goşdular. Söweş sambosy boýunça Abdylla Nazargeldiýew (88 kilograma çenli) we Mälikberdi Begiýew (98 kilograma çenli) bürünç medallara mynasyp boldular. Sport sambosy boýunça zenanlaryň arasynda 50 kilograma çenli agram derejesinde ýeňiş gazanan Ykbal Saparowa bolsa ýygyndymyza altyn medal getirdi. Şeýlelikde, ýaryşyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň gazanan medallarynyň sany bir altyn we üç bürünç medaldan ybarat boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir