16 — 18-nji sentýabr aralygynda Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Türkmenistandaky sebitleýin okuw merkezinde (BGG-niň Türkmenistandaky SOM) «Gümrük çygrynda töwekgelçiligi dolandyrmaklyga öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak» atly üç günlük okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Ready4Trade Merkezi Aziýa: Hazarüsti ulag geçelgesi arkaly gülläp ösüşe tarap ýol» atly taslamanyň çäklerinde Halkara söwda merkezi bilen bilelikde guraldy. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, okuw maslahatyna gümrük gullugynyň 30 töweregi hünärmeni gatnaşdy, halkara hünärmen Sertaç Ýapyjy bolsa tälimçi hökmünde çykyş etdi. Halkara bilermen öz prezentasiýasynda gümrük edaralarynda ulanylýan töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamynyň işi bilen giňişleýin tanyşdyryp, maglumatlary derňemegiň häzirki zaman tärlerini we emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň netijeliligini anyk mysallar arkaly görkezdi. Gullugyň hünärmenleri maslahatyň çäklerinde amaly ýumuşlara we interaktiw ara alyp maslahatlaşmalara işjeň gatnaşdylar. Olar gümrük serhedinden geçýän harytlaryň we ulag serişdeleriniň töwekgelçilik derejesini öňünden kesgitlemek, «ýaşyl», «sary» we «gyzyl» geçelgeleri netijeli ulanmak boýunça özara tejribe alşyp, dünýäniň iň kämil çemeleşmelerini ýurdumyzyň şertlerine uýgunlaşdyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir