Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy Buharestiň Politehniki uniwersiteti bilen bilelikde 2026-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda ýurtda akkreditirlenen ilçihanalaryň wekilleriniň arasynda dostlukly futbol duşuşygyny geçirdi. Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy diplomatlaryň arasynda futbol duşuşygyny geçirdi Çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlandy. Duşuşygyň öňüsyrasynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýylynyň dowamynda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda, durmuş we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda gazanylan üstünlikler barada maglumat berildi. Şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk, dostluk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty barada aýratyn durup geçildi. Gatnaşyjylar bedenterbiýäni, köpçülikleýin sporty we ýokary netijeli sporty ösdürmek, şeýle-de sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmek boýunça durmuşa geçirilýän işler bilen hem tanyşdyryldy. Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy diplomatlaryň arasynda futbol duşuşygyny geçirdi Guramaçylaryň habar bermegine görä, futbol duşuşygy dostlukly ýagdaýda geçdi. Olaryň bellemegine görä, şeýle çäreler sport diplomatiýasynyň ösdürilmegine we diplomatik korpusyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge ýardam edýär.